MUZEÝ GYMMATLYKLARYNDA SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ WASP EDILIŞINE BAGYŞLANAN YLMY AMALY MASLAHATY WE SERGI

Ýurdumyzda ýylyň her bir aýy dürli baýramçylyklara, baýramlar bilen bäsleşýän döwlet ähmiýetli çärelere beslenýär. Şonuň ýaly çäreleriň biri 2017-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bolup geçdi. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly mynasybetli “Muzeý gymmatlyklarynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň waspy” ady bilen geçirilen ylmy amaly maslahatyna we şol at bilen gurnalan serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň muzeýleriniň tejribeli işgärleri, ylmy edaralaryň hünärmenleri, muzeý işiniň janköýerleri we hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Milli medeni mirasymyza degişli gymmatlyklary toplamakda, gorap saklamakda, ylmy taýdan öwrenmekde, adamlaryň dykgatyna ýetirmekde muzeýler uly iş alyp barýarlar. Bu işi has hem kämilleşdirmekde ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän muzeýleriň alyp barýan işlerini utgaşdyrmagyň, olarda toplanan tejribeleri umumylaşdyrmagyň ähmiýeti örän uludyr. Bu maslahaty şol wezipelere amal etmegiň ýollaryny bilelikde gözlemek, bu babatda belli bir karara gelmek maksady bilen geçirildi. Oňa esas edilip hem muzeý gymmatlyklarynyň kömegi bilen adamlarda sagdyn ýaşamaga bolan höwesi oýarmak, olaryň ruhunyň belent bolmagyny gazanmak meselesi alyndy. Ýurdumyzdaky muzeýleriň alyp barýan işlerini utgaşdyrmaga Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has uly üns berlip başlandy. Bu işi amala aşyrmak üçin Döwlet muzeýiniň düzüminde ýörite bölümiň açylmagy munuň aýdyň delilidir. Öňde bolsa daşary ýurt muzeýleri bilen işjeň aragatnaşygy ýola goýmak wezipesi dur. Bu işler ahyrky netijede ýurdumyzdaky muzeý işini has ýokary derejä göterer. Ylmy amaly maslahatyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow açyp, onda çykyş etjek muzeý işgärlerine üstünlik arzuw etdi. Soňra Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Saparmämmet Meredow „Muzeý gymmatlyklary ygtybarly çeşmedir“, „Watan mukaddesligi“ muzeýiniň direktory Röwşen Nurmyradow „Döwrebap muzeýiň ähmiýeti“, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa “Tebigat muzeýiniň ekspozisiýasyndaky dermanlyk ösümlikler”, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy barlag bölüminiň müdiri Mähri Atdaýewa „Şekillendiriş sungatynda sagdynlygyň waspy“, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň medeni aň-bilim bölüminiň müdiri Aýgül Hydyrowa “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly sungatda”, “Gökdepe” milli muzeýiniň bölüm müdiri Tawus Amanmyradowa “Mukaddes türkmen halysynda ruhubelentligiň beýany we sagdynlygyň sütüni”, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Maral Hojamkulyýewa “Aziýa oýunlarynyň milli mirasymyz bilen baglanyşygy”, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Baýramaly etrap muzeý şahamçasynyň müdiri Parahat Durdygylyjow “Döwletli döwrüň medeni gatnaşyklary”, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Dünýägözel Gurbanjumaýewa “Sport – gözelligiň sagdynlygyň çeşmesi”, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri Gunça Seýidowa “Sungatda sagdynlygyň we ruhubelentligiň waspy”, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew “Sagdynlyk ruhubelentligiň gözbaşy”, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgäri Altyn Nuryýewa “Döwlet muzeýiniň ekspozisiýasynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň şöhlelendirilişi”, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Nurtäç Aşyrowa “Muzeý ekspozisiýasynda türkmen ruhubelentliginiň, edermenliginiň we sagdynlygynyň waspy”, Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň ylmy işgäri Bagtygül Aýidowa “Milli medeniýetde ruhubelentligiň we sagdynlygyň waspy” atly temalar boýunça çykyş etdiler. Soňra çykyşlarda beýan edilen pikirler ara alnyp maslahatlaşylyp, dürli teklipler orta atyldy. Maslahat ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçdi.