Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017y 4 maýynda “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” mynasybetli “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň waspy” atly ylmy amaly maslahat we sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar

 

SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ WASPY

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstümizdäki 2017-nji ýyly Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýip yglan etmeginiň örän çuňňur manysy bar. Janyň sag, ruhuň belent bolmasa, oňaran işiň bolmaz. Hormatly Prezidentimiz beden saglygyna, sporta goýýan sarpasy, bu ugurda görkezýän şahsy göreldesi bilen halkymyzy sagdyn ýaşaýşa ruhlandyrsa, peşgeş berýän kitaplary bilen ruhubelentligiň beýik nusgasyny görkezýär.

Sagdynlyk, ruhubelentlik barada oýlanan mahalyň ilki bilen beden terbiýesi we sport ýadyňa düşýär. Sporty ösdürmek boýunça ýurdumyzda örän köp işler alnyp barylýar. Sagdyn nesli, kämil türgenleri ýetişdirmek döwletimiziň öňde goýýan esasy maksatlarynyň biridir. Ýurdumyzda umumy bilim berýän mekdeplerde, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda döwrebap türgenleşik enjamlary bolan sport zallary, basketbol, woleýbol meýdançalary, ýüzülýän howuzlar, tennis kortlary gurulýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara olimpiýa komiteti we sport federasiýalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty, hokkeý, buzda typmak, sportuň suwdaky görnüşleri işjeň ösdürilýär.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýyl ýurdumyzyň paýtagtynda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň ýurdumyzyň at-abraýynyň ýokary göterilmegi, milli sportumyzyň ösüşiň belent sepgitlerine gadam basmagy üçin uly ähmiýeti bar. Bu ýaryşlara gatnaşjak daşary ýurtly türgenleri, janköýerleri we beýleki myhmanlary mynasyp derejede garşylamak, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşdyrmak üçin bu günler uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu işde ýurdumyzyň muzeýlerine hem uly paý düşýär.

Muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen sagdynlygyň we ruhubelentligiň ähmiýetiniň açylyp görkezilişini, bu ugurda edilen we indi edilmeli işleri ara alyp maslahatlaşmak, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň bu ugurda toplan tejribelerini umumylaşdyrmak, täze sepgitleri bellemek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň başlangyjy esasynda “Muzeý gymmatlyklarynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň waspy” atly okuw maslahaty geçirilip, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen birlikde bu ugra degişli ýörite sergi gurnaldy. Serginiň başynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Nyşanynyň we Tumarynyň şekillerini synlamak bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adamyň saglygyny goramak baradaky parasatly sözleri serginiň many-mazmunyny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň welosiped, kwadrosikl sürüp barýarka, tennis oýnaýan wagty, Saglyk ýolundan ýöräp barýarka, sport maşynynda otyrka düşürilen suratlary serginiň ähmiýetini has hem artdyrýar. Şonuň ýaly-da, bu ýerde sportuň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň düzümine girýän 21 görnüşi barada maglumat almak mümkin. Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyna degişli we esasan, adamyň sagdynlygynyň we ruhubelentliginiň ähmiýetini açyp görkezýän köpsanly surat eserleri sergini synlanlaýan adamlarda gözellik duýgusyny oýarýar.