MERDANA GERÇEKLERE BAGYŞLANAN SERGI

 

Halkymyzyň taryhy dünýäniň ösüşine gönüden-göni täsir eden gahrymançylykly wakalardan doludyr. At münmek, dürli ýaraglara erk etmek türkmeniň ganynda bar. Esasy eposlarymyzyň, dessanlarymyzyň gahrymançylyk häsiýetli bolmagynyň aňyrsynda watana bolan söýgi, ony goramaga hemişe taýýar bolmalydygy hakdaky hakykat, ruhubelentlik, erkinlige ymtylyş ýatyr. Magtymguly Pyragydan başlap, nusgawy şahyrlarymyzyň ählisiniň döredijiliginde mert, batyr, gaýduwsyz ýigidiň waspy ýetirilýär.

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda hem türkmen esgerleri şöhratly ata-babalarymyzyň mynasyp nesilleridigini aňyrýany bilen subut etmegi başardylar. Bu uruşda olaryň görkezen gahrymançylyklary barada çeper eserler ýazyldy, aýdymlar düzüldi, filmler surata düşürildi. Türkmen esgerleriniň köpüsi jeň meýdanlarynda şehit bolup, watana wepalylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Bu uruşda türkmen esgerleriniň geçen şöhratly ýoly ýaş nesiller üçin gahrymançylyk mekdebi bolup durýar. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda Ýeňiş gününiň bellenilip geçilýän günleri bolsa watançylyk terbiýesi çäreleriň ählisiniň esasyny düzýär.

2017-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda Ýeňiş gününe bagyşlap gurnalan Merdana gerçeklere belent sarpaatly serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Bu gün wagtlaýyn sergiler zaly has hem dabaraly bolup görünýärdi, çünki bu ýere ýygnanan muzeý muşdaklarynyň, myhmanlaryň ýüzünde Watana bolan belent söýginiň, ene topragyny duşmandan goramak üçin janyny orta goýan gerçeklere minnetdarlygyň bagyşlaýan üýtgeşik joşguny bardy.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen çykyş edip, myhmanlary Ýeňiş güni bilen gutlady we bu güne ýetmek üçin türkmen esgerleriniň görkezen gahrymançylyklary, urşa gidenleriň yzynda galanlaryň duşmandan üstün çykmagyň hatyrasyna jan aýaman çeken zähmeti, baryny-ýoguny orta goýup görkezen pidakärlikleri barada gysgaça durup geçdi. Soňra Köpetdag etrap häkimliginiň Ýaşulylar geňeşiniň başlygy Gurbandurdy Annadurdyýew, Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Ogultäç Hanyýewa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Milli Goşun” žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmet Garlyýew, “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, şahyr Döwletgeldi Annamyradow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky metbugat merkeziniň habarçysy, şahyr Ejegyz Çaryýewa, Aşgabat şäheriniň Ýaşulylar geňeşiniň agzasy, zähmet weterany Ogulgül Annageldiýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri Azat Gylyjow, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr Annamuhammet Kirşenow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy, kapitan Serdar Hajamanow, Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň uly ylmy işgäri Saparmyrat Saryýew dagy bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etdiler. Dabarada şahyrlar goşgy okasalar, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň orkestr topary öz çalýan sazlary bilen göwünleri galkyndyrdy.

Ýurisprudensiýa ylymlarynyň doktory, tyl weterany, akademik Mürrük Ataýew, Köpetdag häkimliginiň Ýaşulylar geňeşiniň wekili Dädebaý Jumaýew, Aşgabat şäheriniň Ýaşulylar geňeşiniň wekilleri Akgyz Mahmydowa, Amansoltan Baýramowa, Gülnar Gurbanowa, Enekeýik Meredowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary serginiň açylyş dabarasyna myhman hökmünde gatnaşdylar.

Muzeýiň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurowyň sergini açyk diýip yglan etmegi bilen dabara gatnaşan myhmanlar gymmatly eksponatlar bilen tanyşdylar.