Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017nji ýylyň 3nji maýynda 1941-1945 ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli “Merdana gerçeklere belent sarpa”atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar

 

MERDANA GERÇEKLERE BELENT SARPA

 

Güneşli ülkämizde her ýylyň 9-njy maýynda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda Ýeňiş güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Watanyň azatlygy, erkana durmuş ugrunda alnyp barlan söweşlerde wepat bolan türkmen esgerleriniň, şonuň ýaly-da, ötüp geçenleriň hatyrasyna berilýän sadakalar bu baýramçylyga aýratyn many gatýar. Elbetde, Ýeňiş güni ullakan şatlyk-şagalaňa-da sebäp bolýar. Bu günde geçirilýän dabaraly çärelerde, aýdym-sazly tomaşalarda parahatçylykly durmuşyň, ýurdumyzda häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleriň, ýagty geljegiň waspy belent ýaňlanýar. Bu nurana baýramçylyk nesillerden-nesillere geçip gelýän ýagşy niýetleriň, synmaz ruhuň, merdanalygyň, wepadarlygyň ajaýyp nyşany hökmünde ýüreklerde öçmejek yz goýýar.

1941-1945-nji ýyllaryň urşy adamzat taryhyndaky iň ýowuz, iň gandöküşikli uruş hökmünde taryha girdi. Bu ýyllaryň dowamynda dünýä halklary agyr synagdan geçdi. Türkmen esgerleri ata-babalarymyzyň gahrymançylykly geçmişine wepalydyklaryny ýene bir gezek subut edip, gaýduwsyz söweşijiler hökmünde urşuň ölmez-ýitmez gahrymanlarynyň arasynda mynasyp orun aldylar we Watanymyzyň at-abraýyny has hem belende göterdiler.

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda edermenlik görkezen gahrymanlaryň hem-de tylda zähmet çeken adamlaryň durmuş ýoly ýaş nesiller üçin uly terbiýe mekdebidir. Olaryň abadan durmuşyň, eziz Watanyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna görkezen gahrymançylyklary häzirki döwürdäki bagtyýar durmuşyň girewi boldy. Biz munuň üçin olara minnetdardyrys.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda Ýeňiş gününe bagyşlap Merdana gerçeklere belent sarpaatly sergi gurnaldy. Serginiň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň portreti hem-de atasy Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen keşbi, şonuň ýaly-da, onuň atasyna bagyşlan “Älem içre at gezer”, “Watanyň wepaly ogly”, “Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk” ýaly birnäçe eseri ýerleşdirilipdir. Ondan başga-da, sergide 1941-1945-nji ýyllarda tylda zähmet çeken türkmen zenanlarynyň fronta kömek üçin kümüş şaý-seplerini, ýyly egin-eşikleri tabşyryp duran, şonuň ýaly-da, söweş meýdanlaryndaky esgerlerden gelen hatlaryň okalyp durlan pursatlaryny şöhlelendirýän dokumental fotosuratlary, bu urşa gatnaşyp, edermenlik görkezen gerçeklerimiziň fotоsuratlaryny, Gurban Durdy, Annageldi Rozyýew, Berdimyrat Döwletjanow ýaly gahrymanlaryň belli suratkeş K.Hnykin tarapyndan döredilen portretlerini, uruşda gahrymançylyk görkezen esgerleri tapawutlandyrmak üçin döredilen ordendir medallary synlamak mümkin. Sergide 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk hanyň fronta iberen serişdelerinden ýasalan tankyň makedi, dürbi, söweş torbasy, türkmen ýigidiniň harby eşigi we başga-da birnäçe esger esbaplary hem görkezilýär. Serginiň görnükli ýerinde bu uruşda wepat bolan türkmenistanly esgerler baradaky maglumatlary öz içine alýan “Hatyra” kitaplary goýlupdyr. Şonuň ýaly-da, sergide görnükli suratkeşlerimiziň 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna degişli eserleriniň, plakatlaryñ we şygarlaryñ birnäçe görnüşi bilen tanyşmak mümkin.