TÜRKMEN BEDEWINIŇ BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGI

 

At-owazasy dünýä dolan, täsin gözellige eýe bolan atlarymyz baradaky alada ýurdumyz garaşsyzlyga eýe bolan badyna döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde bedewiň şekiliniň ýerleşdirilmegi oňa berilýän örän uly ähmiýetiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Diýmek, ol geljekde aşjak menzillerimizde hemişe ýanymyzda bolup, döwürden yza galmaly däldigimizi, tiz depginler bilen ösmelidigimizi, hereketde, tizlikde bereketiň bardygyny ýatladar durar. Gadymy taryhymyza ser salsak, Oguz han atamyzyň gazanan üstünlikleriniň, esasan, onuň öz döwrüniň iň ýyndam ulagyna – ilkinji gezek eldekileşdirilen ata eýe bolmagy bilen baglanyşyklydygyna göz ýetireris. At münmek onuň zamany üçin täzelikdi. Bu günki gün bolsa täze tehnologiýalara eýe bolmak döwletiň berkararlygynyň, ykdysady kuwwatynyň mizemez şerti bolup durýar.

Türkmen bedewiniň gadymy ata-babalarynyň şekilleri maddy medeniýetimiziň taryhynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe-de bu şeýle bolmagynda galýar. Häzirki döwürde zähmet çekýän zergärlerimiziň, heýkeltaraşlarymyzyň, suratçylarymyzyň arasynda türkmen bedewiniň çeper keşbini döretmedigi ýok bolsa gerek. Bu gymmatlyklaryň köpüsini ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki muzeýlerde synlamak bolýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem olaryň uly toplumy goralyp saklanylýar we sergilenýär. Bu ýerde 2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde bedew baýramçylygy mynasybetli “Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler” atly serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Dabarany muzeýiň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açyp, türkmen bedewi barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edýän atalyk aladasy, türkmen atşynaslygynyň gadymy kökleri we şu güni barada gysgajyk durup geçdi. Soňra dabarada Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň çeper döredijilik bölüminiň baş režissýory Pirli Baýramdurdyýew, hususy atşynas, “Türkmen atlary” assosiýasiýasynyň agzasy Bäşimdurdy Şadurdyýew, Halkara Ahal teke atçylyk sport toplumynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Derýamyrat Saparow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahal teke atçylyk toplumynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Toýlymyrat Babaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Abdylgafur Gurdyýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary Dädebaý Nazkulyýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahal teke atçylyk toplumynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Muhammet Agamyradow, çapyksuwar Hezret Aşyrow dagy çykyş edip, türkmen bedewiniň artykmaçlyklary, atşynaslygyň inçe syrlary, atlaryň durmuşymyzdaky orny barada giňişleýin gürrüň etdiler. Serginiň açylyş dabarasyna “Türkmen atlary” Döwlet birleşiginiň muzeýiniň müdüri Zylyha Ataýewa, çapyksuwarlar Şatlyk Rejepow, Daýanç Azadow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Halkara nebit gaz uniwersitetiniň talyplary myhman hökmünde gatnaşdylar.

Çykyşlar tamamlanyp, muzeýiň direktory Öwezmuhammet Mämetnurowyň sergini açyk diýip yglan etmegi bilen, bu ýere ýygnanan myhmanlar türkmen bedewi bilen baglanyşykly täsin gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Sergi olarda uly täsir galdyrdy.