Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gurnan “Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

ŞAN-ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLAN BEDEWLER

Halkymyzyň geçmişini hem, şu gününi hem atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atçylyga uly üns bermeginiň, atçylygy ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm meselesi derejesine çenli ýokary götermeginiň, onuň permanyna laýyklykda her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedеwiniň baýramynyň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmeginiň aňyrsynda uly many ýatyr. At türkmen halkynyň barlygynyň alamaty. Ol türkmen seýisleriniň döredijiliginiň miwesi bolan ilkinji iň ýyndam ulag. Türkmenler ýyndam atlarynyň kömegi bilen uly döwletleri gurdular, dünýäniň ösüşine öz täsirlerini ýetirdiler. Ata-babalarymyz belli bir derejede hut atlarynyň arkasyndan taryhyň akymyndan yza galmandyrlar, hatda taryhyň belli bir döwürlerinde ondan öňe düşmegi-de başarypdyrlar.

Taryhyň bütin dowamynda at türkmenleriň durmuşynda örän möhüm orun eýeläp gelipdir. At dünýäniň taryhynda ilkinji gezek türkmenleriň nesilbaşysy Oguz hanyň zamanynda eldekileşdirilip, onuň jeň meýdanlarynda gazanan ýeňişleriniň girewine öwrülipdir.

Atlaryň ilkinji bolup oguzlar-türkmenler tarapyndan eldekileşdirilendigi bu günki günde şek-şübhe döretmeýär. Marguşdan eldekileşdirilen atlaryň arheologiýa ylmynda belli bolan iň gadymy süňkleriniň tapylmagy munuň aýdyň delilleriniň biridir.

Goňurdepäniň uly gonamçylygynda alnyp barlan gazuw-agtaryş işleri onuň günorta çetine baryp ýetende, gadymy adamlaryň mazarlarynyň arasynda, ýeriň üstünden ýarym metrden sähelçe geçýän çuňlukda taýçanagyň mazarynyň üstünden barlypdyr. Bu arheologlaryň özleri üçin hem garaşylmadyk ýagdaý bolupdyr. Taýçanak, edil töwerekdäki mazarlardaky adamlaryň ýatyşy ýaly, sag ýanyna ýatyrylyp, ýagny demirgazyga bakyp ýatan şekilde jaýlanypdyr. Emma, adam jesetlerinden tapawutlylykda, onuň kellesi ýok eken. Taýçanagyň kellesiniň bedeninden ýörite aýrylandygy göz-görtele bolup dur. Bu ýagdaý ýerli ilatyň arasynda aýratyn hormata eýe bolan haýwanlaryň jaýlanyşy bilen bagly çylşyrymly dini däp-dessurlaryň bolandygyny görkezýär. Mazarda uly ýaşly atyň däl-de, hut taýçanagyň jaýlanandygy hiç hili şübhe döretmeýär. Onuň şol töwerekde doglan eldeki haýwandygy, başga ýerden getirilmändigi görnüp dur.

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler” atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen bedewi baradaky pähimli sözleri bilen açylyp, ol muzeý gaznalaryndan çykarylan milli saz gurallary, dokumental fotosuratlar, ýyndam bedewlerimiziň halyda çitilen keşpleri, suratkeşleriň ajaýyp eserleri, gadymdan miras galan at ýapynjalary, gamçy, at şaýlarynyň toplumy, haly önümleri bilen dowam edýär. Zergärlerimiziň baýramçylyk sergisinde orun alan eserlerinde ganatly bedewlerimiziň dürli şekillerini synlamak bolýar.