TÜRKMEN TOÝ DÄP-DESSURLARYNA BAGYŞLANAN OKUW MASLAHATY WE SERGI

Ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlary öwrenmäge uly üns berilýär. Bu däp-dessurlar halkymyzyň geçmiş durmuşynyň bir parçasy bolup, onuň gözellik, edep-ekram, ömrüň manysy baradaky düşünjelerini özlerinde jemleýärler. Olaryň belli bir böleginiň häzirki döwürde ýörgünli bolmagy bolsa milli aýratynlygymyzyň dowamatyndan habar berýär.

Türkmen toý däp-dessurlarynyň hem özboluşly taryhy bar. Olar ir döwürlerden gözbaş alyp gaýdyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdirler. Türkmenler dürli wakalara, senelere ýanap toý tutmagy gowy görüpdirler. Şolaryň biri hem gelin toýudyr. Gelin toýy bilen baglanyşykly däp-dessurlar has hem çylşyrymlylygy, dabaralylygy, şatlyk-şowhuna beslenen bolmagy bilen beýleki toýlar bilen baglanyşykly däp-dessurlardan tapawutlanýar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýaşaýan watandaşlarymyzyň tutýan gelin toýlarynyň arasynda umumylyklar bilen birlikde dürli aýratynlyklar hem bar. Şol umumylyklary we aýratynlyklary ýüze çykarmak, olaryň ýitip gitmeginiň öňüni almaga goşant goşmak we häzirki zamanyň şertlerine laýyklykda dowam etmeklerini gazanmagyň ýollaryny agtarmak maksady bilen 2017-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmen halkynyň toý däp-dessurlary” atly okuw maslahaty geçirildi we oňa bagyşlanylyp sergi gurnaldy.

Okuw maslahatyny muzeýiň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açyp, ony geçirmegiň maksady barada giňişleýin durup geçdi we oňa gatnaşýan alymlaryň çykyşlarynyň, ara alyp maslahatlaşmalarda orta atyljak pikirleriň gowy netijeleriň gazanylmagyna sebäp bolmagyny arzuw etdi. Soňra «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew «Toý däp düzgünleri türkmen ruhyýetiniň beýanydyr», TYA-nyň milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewa “Çelpek toý nygmaty”, TYA-nyň Arheologiýa we etnografiya institutynyň esasy ylmy işgäri Kakajan Baýramow “Seljuk türkmenlerinde öýlenme däpleri”, TYA-nyň Dil we edebiýat institutynyň bölüm müdüri Güljemal Gummanowa “Toý – däpleriniň dessandaky yzlary”, “Bagt köşgüniň” işgäri Gözel Baýnepesowa «Bagtyýarlyk döwrüniň toý däp-dessurlary», «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa «Türkmen nakyllarynda toý däp-dessurlary», «Galkynyş» gazetiniň bölüm redaktory Leýli Gurbanowa “Toý dessurlarynda sawçylyk”, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri Nurgözel Orazowa “Türkmen toý däplerinde düýe bezegleri”, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy usulyýet bölüminiň müdüriniň orunbasary Altynjemal Hydyrowa “Türkmen toýunyň milli tagamlary” temalary boýunça çykyş etdiler. Şonuň ýaly-da, çykyşlaryň arasynda Türkmenistanyň Alp-Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň artistleri toý däp-dessurlaryny sahna dilinde janlandyrmak bilen, okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň joşgunyny has hem artdyrdylar.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Awtoulag ministrliginiň, “Gökdepe” milli muzeýiniň, Türkmenistanyň Milli “Ak bugdaý” muzeýiniň işgärleri hem diňleýji hökmünde gatnaşdylar. Okuw maslahaty toý joşgunyna beslendi.

Okuw maslahatynyň tamamlanmagy bilen Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow bu çäre mynasybetli gurnalan sergini açyk diýip yglan etdi we myhmanlary sergini synlamaga çagyrdy. Halkymyzyň toý däp-dessurlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary: düýehalyklar, düýedyzlyklar, düýebaşlyk, otagaly owsar, öňki döwürde ulanylan durmuş esbaplary, türkmen milli saz gurallary, türkmen zenanlarynyň bezeg şaý-sepleri, häzirki zamanyň zergärçilik eserleri, türkmen nakgaşlarynyň surat eserleri we beýleki eksponatlar olary synlanlarda uly täsir galdyrdy.

Okuw maslahatyna gatnaşanlara soňra milli toý naharlarymyz we nygmatlarymyz hem hödür edildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Bagt köşgüni, şeýle hem Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, zergär Myrat Sähedowy „Türkmen halkynyň toý däp-dessurlary“ atly okuw maslahata we onuň çäginde gurnalan sergä toý lybaslary hem-de bezeg şaýlary bilen gatnaşandyklary üçin öz minnetdarlygyny bildirýär.