Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 1-nji aprelinde “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramy mynasybetli gurnan “Keramatly suwuň sarpasy” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

KERAMATLY SUWUŇ SARPASY

 

Halkymyzyň suw damjasyny altyn dänesine deňemegi ýöne ýere däl. Ir döwürlerden bäri türkmenleriň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolan ekerançylyk ekin ekilýän meýdanlary wagtly-wagtynda suwarmak arkaly alnyp barlyp, ilatyň azyk bilen üpjünçiligi gös-göni suw bilen bagly bolupdyr. Azyklyk ekinlerden alynýan önümleriň gymmatyny göz öňünde tutanyňda bolsa, suwuň her bir damjasynyň altyn dänesinden kem bolmandygy öz-özünden düşnükli bolup duruberýär.

Geçmişde türkmenleriň mekan tutan ýerleri tutuşlygyna iki gyrasy 5-6 metr belentlikdäki raýyşly köne we ulanylyşda bolan ýaplaryň ulgamy bilen torlanypdyr. Amyderýanyň orta we aşaky akymlarynda ýaplaryň aglabasy suwy gös-göni Amyderýanyň esasy hanasyndan ýa-da onuň goşandyndan alypdyr. Goşantlaryň bir böleginiň öňüni daýhanlar çybyk bogdaklarydyr toprakdan galdyrylan ýönekeý görnüşli gaçylar bilen baglapdyrlar. Ýaplaryň köpüsiniň belentli-pesli 2-3 sany sakasy bolupdyr. Hususan hem bu ýagdaý Amyderýanyň suwunyň kenarlary ýumurýan ýa-da, tersine, derýanyň goşantlarynyň ýa-da hanasynyň suw alynýan ýerden uzaklaşýan ýerlerinde göze ilipdir. Hywa hanlygynyň çäginde ýaşaýan türkmen ilatynyň suwaryş ulgamy XIX asyrda - XX asyryň başynda görnüşi boýunça Amyderýanyň orta akymynyň jülgesindäki ýaly bolupdyr. Demirgazyk Türkmenistanda ýaşaýan türkmenler ýönekeý aksuw ekerançylygy bilen hem ir döwürlerden bäri meşgullanyp gelipdirler. Bu ekerançylykda bol hasyl alynmagy howa şertlerine we syýasy ýagdaýa bagly bolupdyr. Murgap suwaryş ulgamy Gowşuthan bendinden başlap, demirgazyk-günbatarlygyna çöllük ýerlere çenli uzalyp gitmek bilen, uzak bölegi gulak alynmazdan akyp ýatan şaha-şaha bolup ýaýrap gidýän ýaplardan we ugurdaş ýaplardan ybarat bolupdyr. Tejen derýasy bilen bagly suwaryş ulgamy hem edil şonuň ýaly edilip gurlupdyr. Ahal, ýagny Köpetdagyň etekleri suw üpjünçiligi taýdan iň amatsyz ýer bolupdyr. Bu ýerde suw serişdeleri örän çäkli bolup, kiçeňräk dag derýajyklaryndan, çeşmelerden we kärizlerden peýdalanylypdyr. Günbatar Türkmenistanda ekin meýdanlary Sumbar we Çendir diýlip atlandyrylýan goşantlary bilen birlikde Etrek derýasynyň suwy bilen suwarylypdyr.

Ýurdumyzda her ýyl aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilip geçilýän “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Keramatly suwuň sarpasy” atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergi ýüzüne hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suwuň gymmaty baradaky pähimli sözleri ýazylan sergi tagtasy bilen açylýar. Şonuň ýaly-da, sergide hormatly Prezidentimize dürli baýramçylyklar mynasybetli sowgat berlen ajaýyp zergärçilik eserleri, ýaz paslynda her dürli güllere basyrynyp oturan meýdanlar bilen bäsleşýän halylar we haly önümleri, belli suratkeşleriň suwuň gadyr gymmatyny açyp görkezýän nakgaşlyk eserleri, ýurdumyzdaky ýer-suw gatnaşyklaryndan söz açýan gymmatly kitaplar, keramiki küýzeleriň dürli görnüşleri, beýleki gymmatly eksponatlar ýerleşdirildi.