Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 3-nji martynda Halkara zenanlar güni mynasybetli gurnan “Zenan kalbynyň gözelligi” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

Zenan kalbynyň gözelligi

 

Baharyň gelmegi bilen, ýaşyl reňkli baýdagy buýsanç bilen parlaýan ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna beslenýär. Her ýyl hormatly Prezidentimiz bu baýramçylyk mynasybetli kümüş saçly käbelerimizi, baýdak boýly gelinlerimizi, eýjejik uýalarymyzy, çagalar bagynyň körpe gyzjagazlaryny, okuwçy we talyp gyzlarymyzy özüniň Şa serpaýy bilen begendirýär.

Halkymyz adamzat taryhynyň irki döwürlerinden başlap gelin-gyzlara aýratyn söýgi we hormat bilen garapdyr. Geçmişde gelin-gyzlarymyz edermenlikde, pahim-paýhaslylykda erkek adamlardan pes oturmandyrlar. Olar dokaýan halylarynda, çekýän keşdelerinde halkymyzyň taryhyny özboluşly şekilleriň, nyşanlaryň üsti bilen bermegi başarypdyrlar we gadymyýetimizi şu günümize baglapdyrlar. Şu günlere çenli gelip ýeten milli egin-eşiklerimiz, gündelik durmuş bilen bagly däp-dessurlarymyz üçin hem gelin-gyzlarymyza, enelerimize, mamalarymyza minnetdar bolmalydyrys.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen gelin-gyzlary ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ykdysadyýetiň her bir pudagynda zähmet çekmek bilen, öz başarnyklaryny görkezýärler. Ýurdumyzyň syýasy, jemgyýetçilik durmuşynda hem gelin-gyzlarymyz möhüm orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelin-gyzlarymyzyň çekýän zähmetine, alyp barýan köptaraply işine mynasyp baha berýär. Döwlet sylaglaryna eýe bolýanlaryň arasynda gelin-gyzlaryň köp duş gelmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmen gelin-gyzlary bilim almaga hem uly höwes bildirýärler. Ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň uly bölegi gelin-gyzlardan ybaratdyr. Bu ýagdaý geljekki nesillerimiziň hem ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleriniň möhüm girewidir. Çünki maşgalada çaga, esasan, ene tarapyndan terbiýelenýär. Ylymly-bilimli enäniň öz çagalaryny hem ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmäge çalyşjagy öz-özünden hem düşnüklidir.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlap Zenan kalbynyň gözelligiatly sergi gurnaldy. Bu sergide muzeýiň gaznasynda goralyp saklanylýan zenan şaý-sepleri, halylaryň birnäçe görnüşi, ussat suratkeşlerimiziň çeken eserleri hem-de häzirki döwürde döredilen zergärçilik eserleriniň birnäçesi görkezilýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde milli zenan lybaslarymyzyň gadymy nusgalary-da sergilendi. Nakgaşlaryň çeken eserlerinde bolsa ajaýyp gülleriň şekili, çeper elli gyz-gelinlerimiziň döreden önümleri öz beýanyny tapýar. Zergärçilik eserlerinde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ösüşleri wasp edilýär.