DÖWLET MERTEBESI – WATAN BAÝDAGY

 

2017-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli “Döwlet mertebesi – Watan baýdagy” atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Sergi muzeýiň gaznalarynda goralyp saklanylýan gymmatlyklaryň esasynda taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiziň portretine, Döwlet baýdagymyzyň, Döwlet gerbimiziň şekillerine, olar hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan göçürmelere serginiň görnükli ýerinde orun berildi. Ondan başga-da, sergide türkmenler tarapyndan taryhyň dowamynda gurlan Beýik Hun döwletiniň, Garahanlylar döwletiniň, Gaznalylar döwletiniň, Beýik Seljuklylar döwletiniň, Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň, Osmanlylar döwletiniň, Garagoýunly döwletiniň, Akgoýunly döwletiniň we köpsanly beýleki döwletleriň baýdaklarynyň şekillerini synlamak bolýar. Baýramçylyk sergisine hormatly Prezidentimiziň kitaplary, ussat nakgaşlaryň eserleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän zergärçilik eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli halylary aýratyn görk berýär.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen çykyş edip, dabara gatnaşýanlary ýetip gelýän Baýdak baýramy bilen gutlady we olara jan saglyk, işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. Soňra dabarada Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Süleýman Süleýmanow, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň mugallymy, geografiýa ylymlarynyň kandidaty, professor Aman Magtymow, Türkmenistanyň Döwlet maliýe institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň ýerine ýetiriji uly mugallymy Agajan Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Süleýman Durdyýew, ,,Edebiýat we sungat” gazetiniň bölüm müdiri Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň biologiýa we dermanlyk ösümlikler institutynyň geobotanika we milli gerbariý gaznahanasynyň barlaghanasy bölüminiň uly ylmy işgäri Maral Sahatowa, “Ahal durmuşy” gazetiniň bölüm redaktory Dürnabat Aşyrowa, ,,Nesil” gazetiniň bölüm redaktory Annagül Narlyýewa, “Galkynyş” gazetiniň uly habarçysy Leýli Gurbanowa dagy çykyş edip, milli baýdagymyzyň ähmiýeti, onuň belent manysy, mukaddesligi barada gyzykly gürrüň berdiler, goşgular okadylar. Bu çykyşlar bu ýere gelen myhmanlarda, müzeýiň işgärlerinde uly täsir galdyrdy.

Baýdak baýramyna bagyşlanan wagtlaýyn serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen myhmanlar onda görkezilen eksponatlar bilen ýakyndan tanyş boldular.