Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gurnan “Döwlet mertebesi – Watan baýdagy” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

 

Döwlet mertebesi – Watan baýdagy

 

- Ýaşyl Tug türkmeniň döwletli ýol-ýörelgesiniň,

Watanymyzyň taryhy şan-şöhratynyň

hem-de bagtyýar geljeginiň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet baýdagymyzyň baýramy diýarymyzyň ähli künjeginde dabaraly ýagdaýda giňden bellenip geçilýär.

Baýdak – döwletliligiň, berkararlygyň nyşany, sarpasy ýürekde, özi serden belentde göterilýän mukaddeslik. Baýdak – nesilleriň geljegine bolan ynamy. Baýdak türkmeniň mertebesidir. Baýdagymyz türkmen iliniň ak mermerli ajaýyp belent ýaşaýyş jaýlarynyň üstünde buýsançly, bagtyýar pasyrdaýar.

Biziň ýaşyl Tugumyz geçmiş bilen geljegi birikdirýän baýdakdyr. Çünki geçmişde ata-babalarymyz ýaşyl reňke bakylygyň, güýçlüligiň, kuwwatlylygyň, sary reňke bolsa hökümdarlygyň nyşany hökmünde garapdyrlar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Baýdak baýramyna bagyşlap „Döwlet mertebesi -Watan baýdagy“ atly sergi gurnaldy. Sergi muzeýiň gaznalarynda goralyp saklanylýan gymmatlyklaryň esasynda taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiziň portretine, Döwlet baýdagymyza, Döwlet gerbimize, olar hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan göçürmelere serginiň görnükli ýerinde orun berildi. Ondan başga-da, türkmenleriň guran birnäçe döwletiniň, has takygy, oguz türkmenleriniň beýik Hun döwletiniň baýdagyny, Garahanly türkmenleriniň, Gaznaly türkmenleriniň, Beýik Seljuk türkmenleriniň, Köneürgenç türkmenleriniň, Eýýuby türkmenleriniň, Memluk türkmenleriniň, Osmanly türkmenleriniň, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriniň, Sefewi türkmenleriniň, Awşar türkmenleriniň döwletleriniň baýdaklarynyň suratlaryny görmek bolýar. Şeýle hem, sergide baýdak baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyklarda düşürilen fotosuratlary synlamak bolýar. Baýramçylyk sergimizde hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplary, ussat nakgaşlaryň eserleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik, sungat eserleri, Garaşsyzlygymyzyň ösüş esasyny wasp edýän, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli ajaýyp halylary hem görkezilýär.