Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 26.01.2017 ý. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gurnan “Watançylyk terbiýesinde muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

Watançylyk terbiýesinde muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti

 

Her bir ynsanyň ömür kerweniniň düşlän, ilkinji ädimini başlan ýeri – öz Watany ömrüniň manysy, köňlüniň keremi hasaplanylýar. Ýurdumyzda nuruny äleme saçyp dogýan Gün milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ösüşleriň başlangyjy, beýik işleriň buşlukçysy bolýar. Milli Goşunymyzyň taryhy ata Watanymyzyň şöhratly taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Şanly Garaşsyzlygymyzyň alynmagy bilen döredilen Ýaragly Güýçlerimiziň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyz bilen bilelikde ösdi, kämilleşdi we kuwwatlandy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Ýaragly Güýçlerimiz merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini, harby däp-dessurlaryny dowam edip, goranyş häsiýetli Milli goşuna öwrüldi. Pederlerimiziň pedagogik mirasy, harby syngaty, pähim-paýhaslary, gahrymançylykly söweş ýoly ata Watanymyzyň polat galkany bolan şir ýürekli merdana harby gullykçylarymyza öz gulluk borçlaryna bolan söýgüsini artdyrýar.

Watan serhetden başlanýar. Döwlet serhedimizi goraýan serhetçiler tutuş ýurduň asudalygyny, parahatçylygyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzy üpjün edýärler. Uzak gijelerde kirpigini-kirpigine gatman, sak durmak olaryň jana-jan borjy. Bu belent borja tüýs ýürekden düşünýän serhetçi ýigitler ony aýdym bilen beýan edýärler.

Her ýylyň 27-nji ýanwary Watan goragçylarynyň güni hökmünde ýurt derejesinde giňden bellenip geçilmegi bolsa olaryň güýjüne-güýç, gaýratyna-gaýrat goşýar. Şu şanly senä bagyşlanyp, Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeỳinde hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli “Watançylyk terbiýesinde muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti” atly sergi gurnaldy. Bu serginiň başlangyjy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine şeýle hem, Hormatly Belent Serkerdebaşymyza bagyşlanýar. Hormatly Prezidentimiziň harby talyplar bilen duşuşyklary, harby okuw türgenleşiginiň pursatlary, dabaraly harby ýörüşleriň fotosuratlary, mundan başga-da hormatly Prezidentimize sowgat berlen, gymmatbaha daşlar bilen bezelen gylyçlar, kümüşden ýasalyp altyn çaýylan hanjarlardyr gamalar sergilenýär. Serginiň şu bölüminde muzeý gaznasyndan çykarylan Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryndan we simwolikalaryndan düzülen zergäçilik sungat eserleri hem-de harby temasyna degişli kitaplar görkezilýär.

Ondan başga-da hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewe bagyşlanan “Älem içre at gezer”, “Watanyň wepaly ogly”, “Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk” ýaly birnäçe eserleri görkezilýär. Şeýle hem bu bölümde Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, edermenlik görkezen Gurban Durdy, Annageldi Rozyýew, Berdimyrat Döwletjanow, Pena Rejepow ýaly gerçeklerimiziň fotо suratlary, belli suratkeş K.Hnykiniň döreden nakgaş portretleri serginiň görnükli ýerinde orun tutdy. Sergide Beýik Watançylyk urşunda ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk Hanyň fronta iberen serişdelerinden ýasalan tankyň makedi, dürbi, söweş torbasy we başga-da birnäçe esger esbaplary görkezilýär.